Maýsa Pardaýewa Hanžou şäherinde geçirilýän XIX Aziýa oýunlarynyň ilkinji medalyny gazandy.
1144
Hytaý Halk Respublikasynyň Hanžou şäherinde geçirilýän XIX Aziýa oýunlarynda sportuň dzýudo görnüşi boýunça 57 kilogram agramderejede Maýsa Pardaýewa Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyna ilkinji medaly getirdi. Has takygy, ol bürünç medalüçin geçen tutluşykda ýer eýeleriniň ýygyndysynyň agzasy bolan Ki Kaiden 11:0hasabynda üstün çykmagy başardy.
Bäsleşigiň1/8 final tapgyryndan girişen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyňtalyby Maýsa Pardaýewa nepally Pradhan Şhredsany hem-de özbegistanly ŞukurjonAminowany birmeňzeş - 10:0hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ýarym final tapgyrynda bolsa koreýaly ÝensongParkdan minimal hasapa (1:0) asgyn geldi
Pardaýewa Maýsa,Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda ýurdumyzyň ýaşyl tuguny göterjileriň biriboldy.