00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

Türkmen dzýudoçylary Ýewropanyň açyk çempionatyna gatnaşmak üçin ýola düşer

2022-08-31 07:45:38

416

Şu gün Türkmenistanyň dzýudo boýunça milli ýygyndy topary 3 — 8-nji setýabr aralygynda Ýewropanyň açyk çempionatyna hem-de okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşmak üçin Awstriýa Respublikasynyň Oberwart şäherine tarap ýola düşýär. Ýaryşa gatnaşjak türkmen topary, ilki bilen, paýtagtymyzdan Frankfurt şäherine tarap ugrar we şol ýerden ýaryşyň geçiriljek şäherine rowana bolar.

Ýaryşa gatnaşjak türkmen wekiliýetine 36 adam agzalyk eder. Ýaryşda çykyş etjek türgenlerimiziň hatarynda Raýhon Şawkadowa, Aksoltan Hojageldiýewa, Kurbanaý Kurbanowa, Narjemal Ömirowa, Gülşen Kazakowa, Maýsa Pardaýewa, Gözel Nowruzowa, Zülhumar Daşkinowa, Regina Işdawletowa, Ali Agamämmedow, Begenç Soltanow, Madina Bahtiýarowa, Ýyldyz Muradowa, Esmiralda Çarybaýewa, Jemşit Hojamow, Orazgeldi Berdiýew, Aýbek Omirow, Hakberdi Jumaýew, Döwran Ýazkylyjew, Hekim Agamämmedow, Toýly Myradow, Serdar Rahimow, Guwanç Orazgylyjow, Aýhan Babaýew, Parahat Nazarow, Mämedaly Açyldyýew we Mekan Ramazanow ýaly ussatlary görkezmelidiris. Tatýana Widýasowa, Çemengül Geldibaýewa hem-de Sähetguly Annagulyýew Ýewropanyň açyk çempionatyna gatnaşýan türkmen ýygyndysyna tälimçilik edýär.

Mundan başga-da, Awstriýa Respublikasynda boljak milli wekiliýetiň düzüminde iki emin, owkalaýjy, lukman we topar ýolbaşçysy bolar.

Şeylede okaň