00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

Aziýa oýunlarynda türkmen boksçysy bürünç medaly bilen sylaglandy.

2023-10-05 12:05:55

471

Baýramdurdy Nurmuhammedow Türkmen döwlet bedenterbiýe wesport institutynyň talyby, 71 kilograma çenli agram derejesinde münbere çykdy.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwletkomitetiniň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň tälimçisi Ýazmuhammet Pazzyýewiň elinde terbiýelenýän, Nurmuhammedow ilkinji tutlyşykda 2023-nji ýylda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen Dünýä Çempionatyna gatnaşan Täjigistanly Dawud Mahkamow 5:0 hasaby bilen ýeňdi. Ikinji tutlyşykda, boks boýunça Dünýä Çempionatynda 9-njy ýeri eýelän Palestinaly Nidal Fokahaany ýeňmegi başardy.

Çärýek finald aBaýramdurdy güýçli mongol boksçysy Tuguldur Byambatsogt bilen duşuşdy, üçünji tapgyrda tehniki nokaut bilen ýeňiş gazandy. Baýramdury iki tutlyşygy artykmaçlyk bilen tamamlady.

Şeýlelik-de, Nurmuhammedow ýarym finala çykmagy başardy. Ýarym finalda Hytaý Taýpeý türgeni Kang Çia Wei bilen duşuşup, eminleriň karary bilen ýeňiş garşydaşa berildi.

boxing.jpg

Şeylede okaň