00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

TUE Description

Aşakdaky türgenleriň sanawy milli derejeli türgenlere degişli maksatlar üçin (meselem, anti-doping testi, TUE, yerleşýän ýeri barada maglumat (whereabouts) we netijeleri dolandyrmak) milli derejeli türgenler hasaplanýar:

1. Türkmenistanyň islendik Milli Federasiýasynyň ýa-da Milli Federasiýa bilen baglanyşykly başga bir guramanyň, şol sanda birleşmeleriň, klublaryň, toparlaryň ýa-da ligalaryň agzalary ýa-da ygtyýarnamasy bolan türgenler.

2. Milli federasiýa, haýsydyr bir baglanyşyk birleşigi, gurama, klub, topar ýa-da liganyň ýa-da hökümetiň ýa-da Türkmenistandaky uniwersitetleriň guraýan, ykrar edilen ýa-da geçirýän islendik ýaryşa gatnaşýan türgenler.

3. Akkreditasiýa, ygtyýarnama ýa-da başga bir şertnama esasynda Türkmenistanda Milli Federasiýanyň ýa-da dopinge garşy göreşmek maksady bilen Türkmenistanda haýsydyr bir birleşigiň, guramanyň, klubyň, toparyň ýa-da liganyň ygtyýarynagirýän islendik beýleki türgenler

4. Milli bäsleşigi ýa-da başga bir milli ligany gurnaýjy tarapyndan gurnalan, ykrar edilen ýa-da geçirilýän we milli federasiýa bilen baglanyşykly bolmadyk islendik çärä gatnaşýan türgenler.

Şeýle-de bolsa, eger türgenler haýsydyr bir halkara federasiýalary tarapyndan halkara derejeli türgenler hökmünde klassifikasiýa edilse, onda olar halkara derejeli türgenler (we milli derejeli türgenler däl) hasaplanarlar.

https://www.wada-ama.org/sites/default/files/2022-03/At_a_Glance_TUE_English_LIVE_2021.pdf

Bejeriş üçin ulanmaklyga rugsatnamanyň talapnamasy (TUE)

docx

TERAPEWTIK (BEJERIŞ) ULANYŞ RUGSATNAMA DIÝMEK NÄME (TUE)