00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

Türkmenistanly dzýudoçylar dünýäniň reýtinginde

2022-09-13 08:32:56

504

Dzýudo boýunça dünýäniň täzelenen reýtingi mälim edildi. Reýting Halkara Dzýudo federasiýasynyň web-saýtynda sportuň şu görnüşiniň muşdaklaryna ýetirildi.

Türkmenistanyň dzýudo boýunça milli ýygyndy topary bu sanawyň 66-njy basgançagynda ýerleşdi. Reýtingden görnüşi ýaly, türkmen ýygyndysy 3516 utuga eýelik edýär.

Halkara Dzýudo federasiýasynyň sanawynda türgenleriň ýekelikdäki utuklary we dünýä reýtingindäki orunlary hem kesgitlendi. Erkekleriň reýtinginde iň öňde ýerleşen türkmenistanly dzýudoçy Hakberdi Jumaýew boldy. Ildeşimiz 471 utuk bilen reýtingiň 76-njy basgançagyndan ornuny tapdy.

Gyzlardan bolsa 379 utuk toplan Zülhumar Daşkinowa sanawyň 70-nji basgançagynda ýerleşdi.

Elbetde, türgenlerimiziň sportuň olimpiýa görnüşi bolan dzýudo boýunça möhüm menzillere ýetmekleri bu sport boýunça türkmen mekdebiniň barha kämilleşýändiginden nyşandyr. Muny soňky günlerde geçirilen ýaryşlar ýene bir ýola subut etdi.

Şeylede okaň