Serdar Rahymow türkmen dzýudosynyň taryhynda “Grand Slam” ýarşynyň ilkinji ýeňijisi
2024-05-04 07:57:12
2328
Türkmenistanyň taryhynda sportuň dzýudo görnüşi boýunça ilkinji bolup, Serdar Rahymow Täjikistan Respublikasynyň Duşanbe şäherinde geçirilýän halkara iri ýaryşlaryň biri bolan “Grand Slam” ýaryşynda 66 kilogram agram derejesine çykyş edip altyn medalyň eýesi boldy.
Serdar Rahymow çempionlyga eltýän ýolda bäş tutluşykda ýeňiş gazandy. Birinji tutluşygynda mongoliýaly Býambasuren Ulziibaýardan, ikinji tutluşygynda kanadaly Juliýen Fraskadordan, soňra bolsa ýer eýelerine wekilçilik edýän Mulorajab Hakifaýewden hem-de özbegistanly Bobur Wajiýewden üstün çykdy. Türkmen türgeni finalda täjigistanly Obid Jebowyýeňlişe sezewar etdi.