Grand Slamda bürünç medalyň eýesi - Hekim Agamämmedow
3809
Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen sportuň dzýudo görnüşi boýunça iň ýokary reýtingli ýaryşlaryň biri bolan Grand Slam halkara ýaryşyna 84 döwletden 506 türgen gatnaşdy.
24 ýaşly türkmen türgeni, Hekim Agamämmedow 66 kg derejesinde çykyş edip bürünç medala eýe boldy. Agamämmedow bürünç medaly ugrunda ABŞ-dan Berlinerden, Azerbaýjandan Nejafowdan we Moldowadan Izworeanundan üstün çykmagy başardy. Fransiýaly garşydaşy Bouba Daikiden ýeňilenden soň, türkmen dzýudoçysy braziliýaly Lima Willian we Mongoliýaly Battogtohy bilen üstünlikli bäsleşdi.
Şeýlelik bilen, Hekim Agamämmedow Grand Slam halkara ýaryşynyň bürünç medalyny gazanmagy bilen Halkara dzýudo federasiýasynyň dünýä reýtinginde 500 utuk gazanmagy başardy.
Mediýa çeşmesi: IJF