00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

Dünýä Çempionatynda Beýik Ýeňiş

2026-07-07 08:43:31

136

Kolumbiýanyň Kali şäherinde agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasynda geçirilýän dünýä çempionatynda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary taryhy we ajaýyp ýeňiş gazandy. Bäsleşigiň 53 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden zehinli türgenlerimiz halkara giňişliginde ýurdumyzyň sport abraýyny belende galdyrmagy başardylar.

Ýaryşyň ilkinji günlerinden başlap, ýokary taýýarlyk derejesini we erjelligini görkezen ildeşimiz Ogulşat Amanowa 53 kg agram derejesinde dünýäniň iň güýçli türgeni diýen belent ady gazandy. Amanowa silterläp götermekde 86 kg, itekläp götermekde bolsa 105 kg netije görkezip, iki görnüşiň jemi boýunça 191 kg agramy eýermegi başardy we umumy hasapda altyn medala mynasyp boldy. Şeýle-de, ol öz agramynda aýry-aýry görnüşler boýunça hem garşydaşlaryndan öňe saýlanyp, kiçi altyn medallary hem gazanmagy başardy.

Şol bir agram derejesinde ýurdumyzyň türgeniniň ýene biri Şabnam Kerimbaýewa hem çykyşetdi. Ýiti we gyzgalaňly bäsleşikleriň netijesinde, Şabnam silterläp götermekde 83 kg, itekläp götermekde bolsa 105 kg agramy eýermegi başardy. Iki görnüşiň jemi boýunça 188 kg netije görkezen Şabnam Kerimbaýewa dünýä çempionatyny üçünji orunda tamamlap, bürünç medalyň eýesi boldy. Mundan başga-da, ol itekläp götermek boýunça kiçi kümüş medaly hem gazanmagy başardy.

Ýaryşyň umumy hasabynda ikinji orny Filippinleriň türgeni Jodi Peralta eýeledi. Olsilterläp götermekde 85 kg, itekläp götermekde 103 kg netije görkezip, jemi 188 kg gazandy. Şeýlelikde, ol jemi agramda Şabnam Kerimbaýewa bilen deň netije görkezse-de, goşmaça düzgünnama laýyklykda kümüş medala mynasyp boldy.

IMG_4900.jpeg

Şeylede okaň