Anamjan Rustamowa ýaşlaryň arasynda dünýä çempiony
29
Türkmenistanyň agyr atletika görnüşi boýunça türgeni Anamjan Rustamowa ýaşlaryň arasynda geçirilýän dünýä çempionatynda ajaýyp çykyş edip, altyn medala mynasyp boldy. Bäsleşikler häzirki wagtda Müsür döwletinde dowam edýär.
86 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden türkmen türgeni silterläp götermekde 110 kilogram, itekläp götermekde bolsa 147 kilogram netije görkezdi. Şeýlelikde, ol jemi 257 kilogram netije bilen ýaryşyň ýeňijisi boldy. Şeýle hem Rustamowa silterläp götermek boýunça kiçi altyn medaly hem gazandy.
Netijeler boýunça Türkmenistanly türgen Hytaýyň wekili Linýu Suwunyň 256 kilogramlyk netijesini yzda galdyrdy. Üçünji orny bolsa 253 kilogram netije bilen Ermenistanyň wekili Emma Pogosýan eýeledi.
Bu üstünlik Türkmenistanyň milli ýygyndysy üçin häzirki dünýä çempionatyndaky ikinji medal boldy. Mundan ozal türkmen türgeni Didarbek Jumabaýew 79 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medal gazandy.
Anamjan Rustamowanyň bu ýeňşi türkmen sportunyň halkara derejesindäki abraýynyň barha ýokarlanýandygyny görkezýär. Ýaş türgeniň gazanan üstünligi ýurduň agyr atletika mekdebiniň geljegi üçin uly umyt döredýär.