00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

Ogulşat Amanowa ýetginjekleriň arasynda Dünýä Çempiony

2023-04-07 09:01:01

418

2023-nji ýylyň 25-nji marty 1-nji apreli aralygynda Albaniýa Respublikasynyň Durres şäherinde sportuň agyr atletika görnüşi boýunça ýaşlaryň arasynda Dünýä çempionaty geçirildi.

Türkmenistanyň Milli Agyr atletika federasiýasynyň 13 ýaşly türgeni Ogulşat Amanowa 45kg agram derejesinde çykyş edip, itekläp götermekde (85kg) altyn medal, birbada götermekde (71kg) altyn medal we umumylykda bolsa (156kg) kümüş medalyň eýesi boldy.

Ogulşat 13 ýaşynda ýetginjekleriň arasynda Dünýä Çempiony boldy.