00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

Türkmen agyr atletikaçylary Aziýa çempionatynda üstünlik gazanýarlar

2025-05-20 11:28:26

585

Hytaýyň Jiýangsan şäherinde geçirilýän Agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda türgenlerimiz üstünlikli çykyşlaryny dowam etdirýärler.

Döwranbek Hasanbaýew öz agram derejesinde ýokary netijeler bilen tapawutlandy:
• Silterläp galdyrmak – 182 kg 
• Itekläp – 195 kg
• Umumy netijesi – 377 kg 

Bu netijeler bilen ol bir bada galdyrmakda altyn, umumy görkeziji boýunça bolsa bürünç medal gazandy.

Ýaryşyň 3-nji gününde bolsa, Bektimur Reýimow we Bunýat Raşidow hem medal gazanan türgenleriň hataryna goşuldy.

Bektimur Reýimow:
• Silterläp galdyrmak – 148 kg 
•  Itekläp – 172 kg
• Umumy netijesi – 320 kg (6-njy orun)

Bunýat Raşidow:
• Silterläp galdyrmak – 150 kg 
•  Itekläp – 165 kg
• Umumy netijesi – 315 kg (7-nji orun)

Türkmen türgenleriniň bu üstünlikleri ýurdumyzyň agyr atletika boýunça halkara derejesindäki üstünlikleriniň nobatdaky subutnamasydyr.

Şeylede okaň