Dopinge garşy göreş we kuraşda duş gelýän umumy sport şikesleri we olaryň öňüni almak
2016
Halkara Kuraş Assosiasiýasy (IKA), Türkmenistanyň Dopinge garşy göreş barada milli agentligi bilen bilelikde 2023-nji ýylyň 25-nji noýabrynda "Dopinge garşy göreş we kuraşda duş gelýän umumy sport şikesleri we olaryň öňüni almak" mowzugy boýunça seminar guradylar. Çäre Olympiýa şäherjiginiñ "Başa-Baş sport toplymy" desgasynda Kuraş boýunça XIV Dünýä çempionatynyñ türgenleri we tälimçileri gatnaşmagynda iňlis dilinde halkara seminary geçiririldi.
Türkmenistanyň Dopinge garşy göreş barada milli agentliginiň hünärmeni seminary dopinge garşy göreşde türgeniň ilkinji tejribesiniň doping gözegçiligi däl-de, eýsem türgeniň birinji bilen dopinge garşy düzgünleri hakda bilimli bolmagynyň wajypdygy we WADA ADEL https://adel.wada-ama.org/learn bilim platformasy barada ýatladyp, okuw seminaryna başlady. "Gadagan edilen sanaw" 2023 we 2024 ” türgenleriň saglygynyň goralmagyny nygtady. Şeýle hem, türgenler we tälimçiler bilen GlobalDro https://www.globaldro.com ulanyp, maddalary barlamak boýunça gysgaça amaly sapak geçirildi. Ondan soň Halkara Kuraş Assosiasiýasynyň ortoped lukmany doktor Santos Teli kuraşda duş gelýän şikesleriniň aýratynlyklaryny, öňüni alyş strategiýalaryny we bejeriş usullaryny aýdyp geçdi. Seminar gatnaşyjylaryň sorag-jogap sessiýasy bilen tamamlandy.