00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

Çempionatyň ilkinji gününde 5 medal

2023-11-27 04:48:07

2007

Ýaryşyň birinji gününiň jemleri boýunça türkmen türgenleri 2 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar. Ýurdumyzyň toparyna ilkinji altyn medaly Dinara Rozykulowa (63 kilograma çenli agram derejesinde) getirdi. Ýaryşda Wan Tin Li kümüş medala, eýranly Tahera Azarpeýwand we Halkara kuraş assosiasiýasynyň baýdagy astynda çykyş eden russiýaly Wladlena Gusewa bürünç medala mynasyp boldular.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynda ikinji altyn medaly Mariýa Lohowa (70 kilograma çenli) gazandy. Bu agram derejesinde eýranly türgen kümüş medala, Li Hýun Tuon Wi (Wýetnam) kümüş medala we Azhar Salykowa (Gazagystan) bürünç medala mynasyp boldular.

Ýurdumyzyň toparynda kümüş medallara Hangzhou şäherinde (Hytaý) geçen XIX tomusky Aziýa oýunlarynyňbürünç medalynyň eýesi Aýnur Amanowa hem-de Sanjar Abdyrahmanow mynasyp boldylar. Aýşirin Haýdarowa kümüş medaly 48 kilograma çenli agram derejesinde gazandy. Bu agram derejesinde özbegistanly Ulbusin Hakimowa ýeňiji bolsa, indoneziýaly Sawira Dia Fitri Rizkianti we türkiýeli Begumnaz Dogruýol bürünç medala mynasyp boldular.

Bürünç medallara bolsa Gülşat Annaýewa, Ruslan Esgerow we Sapa Sapaýew mynasyp boldular. Gülşat Annaýewa bürünç medaly 57 kilograma çenli agram derejesinde gazandy. Ruslan Esgerow 100 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medala mynasyp boldy. Şeýle hem 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde birinji orny Muhsin Hisomiddinow (Özbegistan), ikinji orny Abdulfazl Torabi (Eýran), üçünji orny bolsa Sapa Sapaýew (Türkmenistan) we Hurşed Majidow (Täjigistan) eýelediler.

28-nji noýabrda Kuraş boýunça dünýä çempionatynda erkekleriň arasynda dört we zenanlaryň arasynda üç medal toplumy ugrunda tutluşykla rgeçiriler.


271123-034.jpg