00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

Türkmenistanyň kuraş boýunça milli ýygyndy topary Dünýä çempionatynda jemi 15 medal gazandylar

2023-11-28 05:44:35

3519

Aşgabatda geçirilen kuraş boýunça Dünýä çempionatynyň soňky gününde türkmen türgenleri 3 altyn, 3 kümüş we 1 bürünç medal gazandy. Şeýlelikde, Türkmenistan 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medal bilen dünýä çempionatyny tamamlady.

28-nji noýabrda geçirilen ýaryşlarda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň birinji ýyl talyby Döwlet Hemrakulyýew 66 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, ýarym finalda eýranly türgen Majid Wahid Barimanloudan asgyn geldi we bürünç medal bilen çäklendi.

Türkmenabat şäherindäki 5-nji sport mekdebiniň tälimçisi Jahan Muhammedowa ýarym finalda özbegistanly Pokizahon Kamoldinowadan üstün çykyp, kümüş medala mynasyp boldy.

Erkekleriň arasynda 73 kilograma çenli agram derejesinde Türkmenabat şäherindäki 6-njy sport mekdebiniň tälimçisi Şatlyk Jumanyýazow finalda gazagystanly Abilkair Mauleninden asgyn geldi we kümüş medal gazandy.

Zenanlaryň arasynda 87 kilogramdan ýokary agram derejesinde türkmenistanly Sabina Agajanowa dominikanly 39 ýaşly türgen Audreý Arelis Puello Perezden asgyn geldi we ýurdumyzyň 6-njy kümüş medalyny gazandy.

Türkmenabat şäherindäki 29-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Sabina Kadyrowa 16 ýaşynda dünýä çempiony bolup, sportuň kuraş görnüşiniň taryhyna girdi. Ilkinji halkara ýaryşynda Şirin Kubaýewanyň ezberşägirdi 78 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşyň finalynda özbegistanly Filura Ergaşowany ýeňdi.

60 kilograma çenli agram derejesinde TGM-niň Lebap welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň adatdan daşary ýagdaýlar we halas ediş işleri baradaky bölüminiň adatdan daşary ýagdaýlary hasaba almak, seljermek, çaklamak we raýat goranyş çärelerini meýilleşdirmek bölümçesiniň müdiriniň kömekçisi Wepa Awlýakulyýew finalda gazagystanly Ýernur Suleimeni ýeňip, ýurdumyzyň 4-nji altyn medalyny gazanyp berdi.

Lebaply bedenterbiýe mugallymy Daýanç Omirow 81 kilograma çenli agram derejesinde finalda gazagystanly Bekadil Şaimerdenowy ýeňip, hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy.

281123-004.jpg

Şeylede okaň