Aziýa oýunlarynyň soňky güni Baýryýew Baýry bürünç medal bilen tamamlandy
932
Türkmen karateka Baýryýew Baýry 19-njy Aziýa oýunlarynyň bürünç medalyny ýurduň medal sanawyna getirmegi başardy.
Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň 5-nji ýyl talyby 22 ýaşly Baýryýew Baýry, Bütindünýä karate federasiýasynyň (WKF) düzgünlerine laýyklykda geçirilen Kumite (sparring) görnüşi boýunça 67 kilogram agram derejesinde 22 türgeniň gatnaşmagynda Baýryýew bürünç medalyny almagy başardy.
Birinji tapgyrda Baýry 19-njy Aziýa oýunlarynyň çempiony Fahad Al-Ajmiden (Kuweýt) 1:4 hasabynda ýeňildi. Şeýle-de bolsa, iki bürünç medaldan biriniň ykbaly çözülen teselli beriji ýaryşyň indiki oýunlarynda garşydaşlaryndan üstün çykdy we zygiderli üç ýeňşe eýelik etdi. Ilki bilen Türkmen türgenimiz Rinçen Jamşony (Butan) 8:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi, soň Ulu Kalys Nurlanbeki (Gyrgyzystan) 8:4 hasabynda ýeňdi we bürünç medal ugrundaky ýaryşda Çen Çun Şi (Taýwan) 9:1 hasabynda ýeňmegi başardy.