00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy

2026-04-07 09:28:03

16

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň wekili Döwlet Islamow Mongoliýanyň paýtagty Ulaanbaatar şäherinde geçirilen Aziýanyň uly ýaşlylaryň arasynda boks boýunça çempionatynda üstünlikli çykyş edip, hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Öz agram derejesinde çykyş eden türgen ýaryşyň dowamynda ýokary derejeli taýýarlygyny görkezdi. Ol birnäçe güýçli garşydaşlaryny ýeňip, ýarym finala çenli üstünlikli ýetdi. Ýarym final duşuşygynda tejribeli garşydaş bilen güýç synanyşan hem bolsa, finala çykmak başartmady. Şeýle-de bolsa, boks düzgünlerine laýyklykda ýarym finala çenli ýetmek bilen, ol bürünç medal bilen sylaglandy.

Döwlet Islamowyň bu netijesi Türkmenistanyň boks mekdebiniň ösüşini we halkara derejedäki bäsdeşlige ukyplylygyny görkezýär. Onuň gazanan bu üstünligi ýaş türgenler üçin hem uly ylham bolup hyzmat edýär.