00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

Aziýa çempionatynda türkmen boksçylarynyň üstünlikli çykyşlary

2023-11-04 10:35:32

586

2023-nji ýylyň 23-nji oktýabry 3-nji noýabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Aziýanyň Boks Konfederasiýasynyň gaýtadan meýilleşdirilen ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda boks boýunça Aziýa çempionatyna Türkmenistanyň boks boýunça ýaşlar we ýetginjekler ýygyndy topary gatnaşyp birnäçe baýrakly orunlary eýelediler.

Taryhda ilkinji gezek Aziýada ýetginjekleriň arasynda çempion bolan türgen Daýanç Durdynepesow barada aýratyn bellemek gerek. 63kg çenli agram derejede çykyş eden 16 ýaşly ýetginjek türgenimiz, finalda  gyrgyzystanly Ahmadi Arwazadan üstün çykyp birinji orna eýeledi we ilkinji altyn medaly bilen türkmen medal gaznasyna uly goşandyny goşdy.

Ýaryşda Hamraýew Sanjar 48 kg agram derejede, Hojaýew Abdalla 50 kg agram derejede, Klyçew Aziz 57 kg agram derejede çykyş edip kümüş medallaryň eýeleri boldylar.

Ýetginjekleriň weýaşlaryň arasyndaky bu Aziýa çempionatynda bürünç medallary gazanan Babajanow Saitjan 54 kg agram derejede, Bagtyýarow Yhlas 75 kg agram derejede, Muhammetdurdyýew Mustapa 92 kg agram derejede çykyş etdiler. 

IMG_6668.JPG

Şeylede okaň