00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

Türkmenistanyň türgenleri Batumide geçirilen halkara boks ýaryşynda ýokary üstünlik gazandylar

2025-07-01 07:56:53

44

2025-nji ýylyň 24–30-njy iýuny aralygynda Gruziýanyň Batumi şäherinde geçirilen ulularyň arasynda sportuň boks görnüşi boýunça halkara ýaryşda ýurdumyzyň türgenleri ýokary netijeleri gazandylar. Bu ýaryşa 11 döwletiň 16 toparyndan jemi 111 türgen gatnaşyp, güýçli bäsdeşlik şertlerinde özara baýrak ugrundaky çekeleşikli duşuşyklary geçirdiler.

Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň düzümindäki türgenlerimiz çempionlyga bolan erki, taýýarlygy we sporta bolan belent höwesi bilen tapawutlanyp, birnäçe medal bilen Watana dolandylar. Olar öz agram derejelerinde üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň abraýyny halkara sport giňişliginde has-da ýokarlandyrdylar.

Ýaryşda baýrakly orunlara eýe bolan türgenlerimiz:

  • Nurmuhammedow Baýramdurdy — 70 kg agram derejesinde 4 duşuşykda garşydaşlaryny ýeňip, I orna we altyn medala mynasyp boldy.

  • Yslamow Döwlet — +90 kg agram derejesinde 2 duşuşykda ýeňiş gazanyp, finala çykdy we II orna hem-de kümüş medala eýe boldy.

  • Asadow Serdar — 65 kg agram derejesinde 2 duşuşykda ýeňiş gazanyp, ýarym finala çykdy we III orna hem-de bürünç medala mynasyp boldy.

  • Muhanow Döwlet — 60 kg agram derejesinde garşydaşlaryny ýeňip, ýarym finala çykdy we III orny eýeläp bürünç medala mynasyp boldy.

  • Ödäýew Saparmyrat — 70 kg agram derejesinde 2 duşuşykda ýeňiş gazanyp, ýarym finala çykdy we III orna hem-de bürünç medala eýe boldy.