Hytaýda geçirilen Aziýa çempionatynda bürünç medal
449
Türkmen türgeni Dawut Nazmyradow, Hytaý Halk Respublikasynyň Hanjou şäherinde geçirilen 20-nji WKF Aziýa karate çempionatynda bürünç medal gazandy. 75 kilograma çenli agram derejesinde erkekleriň Kumite kategoriýasynda çykyş eden Nazmyradow, bäsleşikde ýokary netijeleri gazanyp, bürünç medal almak üçin 19 türgen bilen bäsleşdi.
Bu çempionata Türkmenistandan jemi 6 türgen, 3 emin we 2 tälimçi gatnaşdy. Nazmyradow bürünç medala barýan ýolda üç ýeňiş gazanmak bilen, bu abraýly ýaryşda Türkmenistandan medala mynasyp bolan ýeke-täk türgen boldy.
Çempionat Bütindünýä karate federasiýasy (WKF) tarapyndan gurnaldy. WKF, Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen karate guramasy bolup, bäş kontinental federasiýadan 200 ýurdy birleşdirýär we dünýä boýunça ýüz milliondan gowrak agzasy bar. Bu bolsa onuň dünýäde iň uly karate guramalarynyň biri bolandygyny görkezýär.