00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

Karatedo boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy iri ýaryşlarda çykyş eder

2022-09-15 08:01:16

372

Karatedo boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy topary sentýabrda iň iri ýaryşlaryň hem-de çäreleriň üçüsine gatnaşar.

3-4-nji sentýabrda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde geçiriljek halkara ýaryşda çykyş etjek türkmen ýygyndysy 9 — 11-nji sentýabr aralygynda Çehiýa Respublikasynyň Pardubis şäherinde guraljak dünýä çempionatynyň medallary ugrunda göreş alyp barar. 17 — 22-nji sentýabr aralygynda bolsa Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Bazel şäherinde halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer.

Aýdyň Çaryýewiň, Sapardurdy Setdarowyň hem-de Röwşen Saryýewiň tälimçiligindäki türkmen topary 27 türgeni özünde jemleýär. Igor Rahimow bilen Sabir Mutalimow bolsa emin hökmünde türkmen wekiliýetine agzalyk edýär.

Türkmenistanyň karatedo boýunça milli ýygyndy topary şu gün paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden ýola düşer we 24-nji sentýabrda ýurdumyza dolanyp geler.