00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

Türkmen karateçileri medallar çemenini bagladylar

2022-09-05 08:17:11

332

3-4-nji sentýabrda Germaniýa Federatiw  Respublikasynyň Berlin şäherinde geçirilen karatedo boýunça halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly üstünlige eýe boldular.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Dawud Nazmyradow 75 kg agram derejesinde guralan ulularyň ýaryşynda birinji orna we kuboga mynasyp boldy. Ol slowakiýaly, germaniýaly, şotlandiýaly türgenleri ýeňlişe sezewar etdi. Zehinli türgen 21 ýaşa çenli türgenleriň arasynda hem netijeli çykyş etdi we hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy. Dawud ulularyň uly agramynda hem bäsleşdi. Germaniýaly, irlandiýaly, daniýaly, şweýsariýaly türgenleri ýeňen ildeşimiz ikinji orunlaryň ýene birine eýe çykdy.

Aşgabat şäherindäki 52-nji orta mekdebiň okuwçysy Rasul Atajanow 55 kg agram derejesinde 18 ýaşa çenli türgenleriň arasynda birinji orny eýeläp, kubok gazandy. Ol angliýaly, norwegiýaly, slowakiýaly türgenlerden üstün çykdy.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdebiniň okuwçysy Öwezmyrat Sapadurdyýewiň boýuny hem 12 ýaşa çenli türgenleriň arasynda ýekelikdäki katadan guralan ýaryşyň altyn medaly bezedi. Oňa ýörite kubogy hem galdyrmak miýesser etdi.

Aşgabat şäherindäki 50-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Allanur Ýalkabow bolsa 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda ýekelikdäki katadan birinji ýere düşüp, kubok gazandy.

18 ýaşa çenli ýaş türgenleriň arasyndaky toparlaýyn ýaryşda hem ildeşlerimiz altyn medal bilen kubok gazanmagyň hötdesinden geldiler. Bu topara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň alyby Ýusup Garajaýew, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň okuwçysy Magtymguly Annaýew, Balkanabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň okuwçysy Hemra Begjanow dagy agzalyk etdi.

Aşgabat şäherindäki 44-nji orta mekdebiň okuwçysy Sylapberdi Orazgeldiýew, 55-nji orta mekdebiň okuwçysy Erkin Taganow, 5-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Döwletmyrat Aşyrmuhammedow ýaly ussatlardan ybarat bolan topar 16 ýaşa çenli ýetginjek türgenleriň arasyndaky toparlaýyn ýaryşda kümüş medala we kuboga eýelik etdi.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Baýry Baýryýew 75 kg agram derejesindäki ulularyň ýaryşynda üçünji ýeri eýeledi. Bu üstünligi üçin oňa guramaçylaryň taýýarlan kubogy gowşuryldy. Şeýle netijä 60 kg agram derejesinde ulularyň ýaryşynda çykyş eden Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Süleýman Garlyýew hem eýe boldy. Ol Nepaldan, Daniýadan, Awstraliýadan bolan türgenlerden rüstem çykdy.

Mundan başga-da, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Muhammetnur Annamuhammedow 60 kg-de  ulularyň arasynda, Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Erkin Taganow 52 kg-de 16 ýaşly türgenleriň ýaryşynda, paýtagtymyzdaky 45-nji orta mekdebiň okuwçysy Rustam Puhanow 61 kg-de 18 ýaşly türgenleriň arasynda üçünji orny eýelediler.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Arzuw Seýitgulyýew, Süleýman Garlyýew, Täçmuhammet Bekiýew dagy ulularyň toparlaýyn ýaryşyny bürünç medal bilen jemlediler. Gökdepe etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň okuwçysy Perhat Atamyradow bolsa 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda ýekelikdäki katadan hormat münberiniň üçünji basgançagynda ýerleşdi.

Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebiň okuwçysy Jora Öwezmyradow, 55-nji orta mekdebiň okuwçysy Dawut Saryýew hem-de Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 7-nji orta mekdepden Şamyrat Myradow 16 ýaşa çenli ýetginjek türgenleriň arasyndaky ýaryşy bürünç medal bilen tamamlamagy başardylar.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgenleri nobatdaky karatedo baýramynda birinji orunlaryň bäşisine, ikinji ýerleriň üçüsine we üçünji orunlaryň sekizisine eýe çykdylar. Ildeşlerimize ýörite kuboklaryň 16-sy gowşuryldy.

Şeylede okaň