Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 42-nji Baş Assambleýasy
1020
2023-nji ýylyň 8-nji iýunynda Tailand Patyşalygynyň Bangkok şäherinde geçirilen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 42-nji Baş Assambleýasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew we Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Baş sekretary A.Akmämmedow gatnaşdylar.
Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň gün tertibine laýyklykda, AOG-nyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Raja Randhir Sinh hasabat bilen çykyş etdi. Şeýle hem, Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň täze Prezidenti saýlandy. Prezidentlik wezipesine iki sany dalaşgär, häzirki wagtda Baş direktor Huseyin Al Musallam we Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Hukuk komitetiniň ýolbaşçysy Şeýh Talal Fahad Al Ahmad Al-Sabah dalaşgärlik etdiler. Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň agzalarynyň ses bermegi netijesinde Şeýh Talal Prezidentlik wezipesine saýlandy.
Mundan başgada, Aziýanyň bäş zolagynyň Wise-prezidentleriniň, Hemişelik komitetleriniň ýolbaşçylarynyň, Hanjou Aziýa oýunlarynyň hem-de Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty boýunça VI Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk işleri boýunça komitetleriniň hasabatlary diňlendi.