00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Milli Olimpiýa komitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama

2023-01-10 08:49:01

585

2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň 6-syna Pekinde sport ulgamynda hyz­matdaş­ly­gy ös­dür­mek, Olimpiýa hereketiniň ynsanperwer ýörelglerini we halk­la­ryň ara­syn­da­ky dost­luk­ly gat­na­şykla­ry pug­ta­lan­dyr­mak maksady bilen Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Milli Olimpiýa komitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama, şeýle hem Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Bedenterbiýe we sport baradaky baş döwlet müdirliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminamalara laýyklykda iki döwletiň arasynda sport we bedenterbiýe babatynda hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge hem-de sport hünärmenleriň, tälimçileriň we türgenleriň arasynda oňyn tejribeleri paýlaşmaga aýratyn ähmiýeti bardyr.