Türkmenistanyň wekilleri Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 41-nji mejlisine gatnaşdylar
538
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary hem-de Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň baş kätibi Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 41-nji mejlisine gatnaşdylar.
Baş Assambleýanyň açylşynda Kamboja Patyşalygynyň Premýer-ministri Hun Sen we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji Raja Randhir Sinh çykyş etdi.
Mejlisde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň komitetleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem, tomusky we gyşky Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetleriniň hasabatlaryna giň orun berildi.
Aziýa sebitinde sport hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri hem Baş Assambleýanyň çäginde ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ýerde türgenleri ýokary derejede taýýarlamagyň tejribesi boýunça gatnaşyklar, häzirki zaman jemgyýetiniň, dünýäniň ösüşinde sportuň orny bilen bagly sowallara we beýleki ähmiýetli meseleleriň birnäçesine garaldy.