00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

Şahzadbek Mätýakubow XX Aziýa oýunlarynda kümüş medal gazandy

2026-09-29 11:37:51

72

Ýaponiýanyň Nagoýa şäherinde geçirilýän XX Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysynyň türgeni Şahzadbek Mätýakubow uly üstünlik gazandy. 22 ýaşly türgenimiz 110 kg çenli agram derejesinde çykyş edip, kümüş baýragyna eýe boldy.

29-njy sentýabrda «Nagoya City Trade and Industry Center» sport toplumynda geçirilen dartgynly bäsleşikde baş tälimçi Meretguly Sähetmyradowyň şägirdi silterläp götermekde 188 kg, itekläp götermekde bolsa 222 kg agramy götermegi başardy. 

Bu agram derejesinde altyn medala 423 kg (197 kg + 226 kg) netije bilen Özbegistanly Akbar Juraýew eýe boldy. Ol silterläp götermekde täze dünýä rekordyny, itekläp götermekde bolsa Aziýa oýunlarynyň rekordyny täzelemegi başardy. Bürünç medal bolsa jemi 405 kg (185 kg + 220 kg) netije bilen Hytaýyň wekili H.Lýua nesip etdi.

Şahzadbek Mätýakubowyň bu üstünligi Türkmenistanyň ýygyndysynyň häzirki Oýunlardaky ikinji baýragydyr — mundan öň karateçi Dawut Nazmyradow (75 kg çenli) hem kümüş medala eýe bolupdy.

Şeylede okaň