Dawut Nazmyradow XX Aziýa oýunlarynyň ilkinji medaly
54
Türkmenistanyň karateçisi Dawut Nazmyradow Ýaponiýanyň Nagoya şäherinde geçirilýän XX Aziýa oýunlarynda 75 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medal gazandy. Bu medal Türkmenistanyň ýygyndysynyň häzirki oýunlardaky ilkinji medaly boldy.
22 ýaşly türgen ýaryşyň çärýek finalynda Gyrgyzystanyň wekili Nazim Nurlanowy 7–2 hasabynda ýeňip, ýarym finala ynamly geçdi.
Ýarym finalda Nazmyradow Siriýaly Fawaz Bani Al-Marjeh bilen duşuşdy. Esasy wagtyň dowamynda türgenleriň hiç biri utuk gazanyp bilmedi we duşuşyk 0–0 hasabynda tamamlandy. Şeýle-de bolsa, eminleriň hantei karary bilen ýeňiş türkmen türgenine berildi we ol finala çykmaga hukuk gazandy.
Altyn medal ugrunda geçirilen aýgytly duşuşykda Nazmyradow Eýranyň wekili Morteza Nematä 3–4 hasabynda ýeňlip, ýaryşy kümüş medal bilen tamamlady.