XX Aziýa Oýunlarynyň açylyş dabarasy
26
Türkmenistanyň Milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň 19-njy sentýabrynda Ýaponiýanyň Nagoya şäherindäki Paloma Mizuho stadionynda geçirilen XX Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Açylyş dabarasyny Ýaponiýanyň imperatory Naruhito tarapyndan resmi taýdan açyldy. Däbe öwrülen oýunlarynyň fakelyny bolsa çekiç zyňmak boýunça meşhur türgenler Koji Murofushi we onuň kakasy Şigenobu Murofushi ýakdylar. Açylyş dabarasy «Harmonic Heart Beat» «Sazlaşykly ýürek urgusy» şygary astynda geçirildi.
Oýunlara sportuň agyr atletika, boks,suwda ýüzmek, ýeňil atletika, karatedo, kuraş, sport göreşi we wuşu boýunça Türkmenistanyň türgenleri çykyş eder.
Aziýa oýunlaryna 45 ýurtdan 15 müňden gowrak türgen gatnaşýar. Oýunlar 43 sport görnüşi boýunça geçirilip, 4-nji oktýabra çenli dowam eder.