00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

Maýsa Pardaýewanyň "Grand Prix" halkara ýaryşynda uly üstünligi

2026-06-26 18:50:30

88

Türkmenistanyň türgeni Hytaý Halk Respublikasynyň Çindao şäherinde geçirilen sportuň dzýudo görnüşi boýunça “Gran Prix” halkara ýaryşynda ajaýyp netije görkezip, 57 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip altyn medala mynasyp boldy.

Maýsa final duşuşygynda Fransiýanyň türgeni Marta Fawazy ynamly ýeňip, münberiniň iň ýokary basgançagyna çykmagy başardy. Türkmen türgenimiz ýaryşyň dowamynda ähli tutluşyklarynda ýokary ussatlygyny we ýeňşe bolan uly ymtylyşyny görkezdi.

Halkara Dzýudo federasiýasynyň senenamasyndaky möhüm ýaryşlaryň biri bolan “Gran Prix” ýaryşy 2028-nji ýylda ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde geçiriljek Tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ikinji ýaryşy bolup, oňa gatnaşýan türgenlere halkara reýtingi üçin möhüm utuklary gazanmaga mümkinçilik berýär.

Maýsa Pardaýewanyň gazanan bu ajaýyp ýeňşi türkmen sportunyň halkara abraýynyň has-da ýokarlanýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

IMG_4597.JPG

Şeylede okaň