Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň 45-nji Baş Assambleýasy
725

2025-nji ýylyň 11–12-nji maýy aralygynda Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň (OCA) 45-nji Baş Assambleýasy Kuwweýt döwletinde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär. Baş Assambleýa Halkara Olimpiýa komitetiniň häzirki Prezidenti Tomas Bah, täze saýlanan Prezidenti Kirsti Kowentri, Halkara Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylary, Milli Olimpiýa komitetleriniň Assosiýasiýasynyň ýolbaşçylary, Aziýa federasiýalarynyň prezidentleri şeýle hem, Türkmenistanyň Olimpiýa komitetiniň Baş sekretary A.Akmämmedow we Aziýanyň 45 döwletleriniň Milli Olimpiýa komitetiniň wekilleri gatnaşýar.
Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň wise-prezidenti jenap Timoty Fok we Baş Direktory Huseýn Al Mussallam çykyşlarynda Aziýada Olimpiýa Hereketiniň ösüşine aýratyn ünsi çekdiler. Olar guramanyň sport derejesini ýokarlandyrmak, ýaşlary taýýarlamak, gender deňligini we dolandyryş durnuklylygyny üpjün etmek boýunça alyp barýan işleriniň ähmiýetini bellediler.
OCA-nyň 45-nji Baş Assambleýasy Aziýada Olimpiýa Hereketiniň mundan beýläk-de ösüşi üçin täze mümkinçilikleriň we hyzmatdaşlygyň ýoluny açýar.