00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

Türkmen tennisçileri Omanda geçirlen halkara ýaryşyndaky üstünlikleri

2024-01-19 08:42:43

1962

Türkmenistanyň tennis boýunça milli ýygyndysy 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Maskat şäherinde (Oman) geçirilen Merkezi we Günbatar Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş edip, 2 altyn we 4 kümüş medallaryny gazandy. Toparlaýyn umumy sanawda ikinji orny eýelediler. Ýaryşda 13 döwletiň iň zehinli ýetginjek tennisçileriniň ençemesi çykyş etdi.

Ilima Guseýnowa ýekelikde iki altyn we jübütleýin bäsleşikde bolsa Aýlara Kakabaýewa bilelikde Eýran Yslam Respublikasynyň türgenlerinden asgyn gelip, kümüş medallary eýelediler.

Türgenlerimiziň Halkara Tennis federasiýasynyň Aziýa sebiti boýunça 14 ýaşly we ondan kiçi türgenleriň arasyndaky ösüş çempionatynyň Günbatar we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň gazanan ajaýyp üstünligi sportuň şu görnüşinden milli mekdebimiziň ösüşiniň täze belentliklerine tarap ynamly ädimleriniň beýanydyr.

Şeylede okaň