00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

Türkmenistanly tennisçi gyzlar Aziýa we Okeaniýa sebitiniň II toparlaýyn ýaryşyna şowly başladylar

2022-08-23 11:07:20

346

Türkmenistanly gyzlar Duşenbe şäherinde (Täjigistan Respublikasy) geçýän Billi Jin King kubogyny almak ugrundaky Aziýa we Okeaniýa sebitiniň II toparlaýyn ýaryşyndaky çykyşlaryna başladylar. Türkmenistanyň gyzlar ýygyndy topary 5 türgenden ybaratdyr.

8 döwletiň gatnaşmagyndaky ýaryşyň bijeleri Kubok ugrunda göreşýän ýygyndy toparlary iki toparça böldi. «A» toparçada ildeşlerimiz Täjigistan Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň hem-de Mongoliýanyň ýygyndy toparlarynyň garşysyna göreşer. Özbegistanyň, Guamyň, Bruneý adalarynyň, Şri-Lankanyň ýygyndy toparlary bolsa «B» toparçada duşuşyklary geçirerler.

Ýaryşyň birinji gününde — 22-nji awgustda Türkmenistanyň tennis boýunça zenanlar milli ýygyndy toparynyň agzalary ilkinji çykyşlaryny geçirdiler. Şol gün toparlaýyn ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndy topary ýer eýelerini — Täjigistanyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňmegiň hötdesinden geldi. Anastasiýa Azimbaýewa täjigistanly garşydaşy Anastasiýa Tursunowany ýeňse (6:3; 7:6), Merýem Mämmedowa hem ýerli türgen Gulnozhan Ýahýaýewadan üstün (6:0; 6:0) çykdy.

Jübütleýin bäsleşikde ildeşlerimiz Rožan Karajaýewa hem-de Aişa Bikbulatowa jübüti täjik türgenlerini — Malika Rahimowany we Sumaýa Tuhtaýewany ýeňlişe sezewar (6:1; 6:0) etdi.