00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

Türkmen türgeni Begenç Baltaýew Ýerewanda geçirilen Sambo dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy

2023-11-15 06:22:22

1786

Begenç Baltaýew 2023-nji ýylda Ýerewanda geçirilen Sambo dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy. Baltaýew 24 türgeniň gatnaşan sport sambosynda 79 kilograma çenli agram derejesinde bäsleşdi. Bu agram derejede altyn medaly bolgariýaly Iwan Harkow, kümüş medaly ermenistanly Boris Şatwerýan, ýene bir bürünç medaly bolsa russiýaly Ýegor Suhoparow eýeledi.Sambo boýunça dünýä çempionaty 12-nji noýabrda tamamlandy. Bäsleşige 65 ýurtdan türgenler gatnaşdy.

Şeylede okaň