Ilkinji Türgenler Geňeşiniň ýygnagy
1113
2023-nji ýylyň 3-nji awgustynda ilkinji gezek Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň gurnamagynda Türgenler geňeşiniň ýygnagy geçirildi. Ýygnaga sportuň agyr atletika, ýeňil atletika, suwda ýüzmek, boks, karate, basketbol we gandbol görnüşleriň 50 den gowrak türgenleri hem-de Türgenler geňeşiniň agzalary gatnaşdy.
Bu ýygnak diňe bir maglumat paýlaşmak üçin hyzmat etmän, eýsem sport işlerinde täze belentliklere ýetmek üçin türgenleri höweslendirmek we güýçlendirmek üçin möhüm ädim boldy.
Ýygnagyň başynda türgenler geňeşiniň ýolbaşçysy Türgenler Geňeşiniň ýurdumyzda döredilşi, wezipesi we onunyň türgenler üçin esasy ähmiýeti barada we türgenlere sport dünýäsinde bolup geçen soňky wakalar barada çykyş etdi.
Türkmenistanyň Dopinge garşy agentliginiň ýolbaşçysy arassa ýaryşyň möhümdigini we türgenleriň adalatly oýny maksat edinmekligi, sportda bitewiligi saklamagyň we dogruçyllygyň we sport ussatlygynyň gymmatlyklaryny goramagyň ähmiýetini açdy.
Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti türgenleri höwesledirmek maksady bilen ýygnaga gatnaşýan türgenleriň arasynda höwes we tutanýerligi güçlendirmek üçin sport barada birnäçe sowallar taýýarlandy we ýygnaga gatnaşan ähli türgenler ýädigarlik sowgatlar bilen sylaglanyldy.