00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

Halkara Olimpiýa Güni

2023-06-23 10:00:56

766

Her ýylyň 23-nji iýunynda bütindünýä Halkara Olimpiýa Güni bellenilýär. Şu gün hem Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň gurnamagynda gözel paýtagtymyzyň “Aşgabat” stadionynda ýaş ýetginjekleriň arasynda köpçülikleýin ylgaw geçirildi. Köpçülikleýin ylgawa ýaş ýetginjekleriň ýüzlerçesi gatnaşdy. Ylgawa gatnaşanlaryň ählisi sertifikatlar we sowgatlar bilen sylaglanyldy.