Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirilen S. Nurmagambetow adyndaky Halkara boks ýaryşynda türkmen boksçylary üstünlikli çykyş edip, 1 altyn we 2 sany bürünç medala mynasyp boldular.
2025-05-30 12:52:26
72

Türkmen boksçylarynyň üstünlikleri:
Nurmuhammedow Bayramdurdy – 71 kg agram derejesinde çykyş edip, ähli garşydaşlaryny ýeňip, altyn medal gazandy.
Rozmetow Daniýar – 54 kg agram derejesinde bürünç medal eýeläp, ýaryşda üstünlikli çykyş etdi.
Saparow Nurmyrat – 48 kg agram derejesinde bürünç medal gazandy.
Bu netijeler türkmen boksçylarynyň halkara derejesindäki ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip bilýändigini görkezýär. Ýaryşa gatnaşan türgenlerimizi we tälimçilerini gazanan üstünlikleri bilen gutlaýarys.