00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

Türkmen türgeni Yslam Akmyradow dünýä çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy

2025-05-03 06:03:43

210

Türkmenistanly ýaş türgen Islam Akmyradow Peru döwletinde geçirilýän ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ýokary netijäni görkezdi. Ol 96 kilogram agram derejesinde çykyş edip, iki görnüşiň jeminde 316 kilogram (141 kg – silterläp, 175 kg – itekläp) netije bilen kümüş medala eýe boldy.

Bu agram derejesinde altyn medal 330 kilogram (145+185) netijä bilen Ermenistanyň türgeni Grigor Kazaryan eýeledi. Hindistanly Parwu Çaudhary bolsa 315 kilogram (140+175) netijä bilen bürünç medaly gazandy.

Mundan öň hem, Peru döwletinde geçirilýän çempionatda türkmen türgenlerinden Didarbek Jumabaýew (81 kg) we Kakamyrat Annamyradow (73 kg) kümüş medallara, Ogulşat Amanowa bolsa (55 kg) iteklemek görnüşinde bürünç medala we umumylykda dördünji orna mynasyp bolupdy.

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýaş türgenleriniň gazanýan bu üstünlikleri ýurdumyzyň sport ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesidigini görkezýär.