00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň howandarlygyndaky (ICM) halkara Söweş sungatlary merkeziniň Ýerine ýetiriji komitetiniň nobatdaky 20-nji mejlisine gatnaşdy

2025-03-01 08:49:10

439

2025-nji ýylyň 26-njy fewralynda Koreýa Respublikasynyň Çungju şäherinde ýerleşýän ÝUNESKO (ICM) halkara söweş sungatlary merkeziniň edara binasynda geçirlen Ýerine ýetiriji komitetiniň 20-nji mejlisine Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Baş sekretary A.Akmämmedow gatnaşdy.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, bu guramanyň 2024-nji ýylda ýerine ýetirlen işleriniň hasabaty tassyklanyldy, şeýle hem 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalary, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we söweş sungatlary arkaly ýaşlara bilim maksatnamalaryny işläp taýýarlamak boýunça esasy başlangyçlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeylede okaň