00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

Serdar Berdimuhamedow we Huseýn Al-Musallam Türkmenistanda sportuň ösüşini maslahatlaşdylar

2025-01-23 10:10:15

280

Türkmensitanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktory we Sportuň suwdaky görnüşleri boýunça Bütindünýä guramasynyň Huseýn Al-Musallami bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar, Türkmensistanda Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegi we sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada häzirki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Milli Lider, sportuň milletiň saglygyny berkitmekde we döwrebap kişilik ösdürmekde möhüm roluny nygtady. Türkmensitanyň, halkara Olimpiýa Komiteti we Aziýa Olimpiýa Geňeşi ýaly abraýly guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeldip, Olimpiýa hereketini ösdürmäge işjeň kömek edýändigi bellenildi.

Sportuň suwdaky görnüşleriň ösüşine aýratyn üns berildi. Taraplar, Türkmenistanda suwdaky  sport görnüşleriniň halkara ýaryşlaryny geçirmegiň mümkinçiligini we bu sport ugurlaryny sebitiň we dünýäniň beýleki ýerlerinde meşhurlaşdyrmagy maslahatlaşdylar.

Duşuşykda, şeýle hem, türkmen sportuny halkara derejesinde tanatmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmensistanda yzygiderli geçirilýän uly sport çäreleri diňe bir sportuň ösdürilmegine däl, eýsem halklar arasyndaky medeni gatnaşyklaryň berkemegine hyzmat edýär.