«Aziýanyň çagalary» we V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda ýeňiji bolan türkmen türgenleri sylaglandy
512
31-nji awgustda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Sport myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda Russiýa Federasiýasynyň Wladiwostok şäherinde geçirilen «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlarynda, şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň Konýa şäherinde geçirilen V Yslam raýdaşlygy oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan türkmen türgenlerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Dabara ýolbaşçylar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, sport hünärmenleri, tälimçiler we türgenler gatnaşdylar. Myhmanhananyň mejlisler jaýynyň girelgesinde ýurdumyzyň sport ulgamynda ýetilen sepgitleri, gazanylan üstünlikleri açyp görkezýän sport sergisi ýaýbaňlandyryldy. Sylaglanyş dabarasyna gatnaşyjylar bu sergini uly höwes bilen synladylar. Bu ýerde medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna hem giň orun berildi.
Dabaranyň başlanmagy bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine ýollan Gutlagy okaldy.
Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Russiýanyň Wladiwostok şäherinde geçirilen «Aziýanyň çagalary» VII halkara sport oýunlarynda 13 döwletden 1355 türgen sportuň 19 görnüşi boýunça güýç synanyşdy. Türkmenistanyň ýygyndy topary bu ýaryşlarda jemi 16 medala (2 altyn, 3 kümüş, 11 bürünç) mynasyp boldy. Türkiýäniň Konýa şäherinde geçirilen V Yslam raýdaşlygy oýunlarynda bolsa milli ýygyndy toparymyzyň türgenleri jemi 23 medala mynasyp bolup, ýurdumyzyň medallar gaznasynyň üstüni 4 altyn, 6 kümüş, 13 bürünç bilen ýetirdiler. Nobatdaky Yslam raýdaşlygy oýunlarynda dünýäniň 56 döwletinden türgenleriň 4 müňden gowragy sportuň 24 görnüşi boýunça bäsleşdi.