Türkmenistanly kikboksçylar V Yslam Raýdaşlygy oýunlaryny netijeli çykyşlaryna beslediler
457
Türkmenistanyň kikboksing boýunça milli ýygyndy toparynyň türgeni, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby Omargeldi Nurgeldiýew 54 kilogram agram derejesinde ringe çykdy. Özbegistandan, Azerbaýjandan, Alžir Halk Demokratik Respublikasyndan bolan türgenleriň garşysyna çykan ildeşimiz bürünç medal gazanmagyň hötdesinden geldi.
Medally ýoly Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby Gülzada Jorakulyýewa mynasyp dowam etdirdi. 55 kg agram derejesinde bäsleşen türkmenistanly gyz özbegistanly, azerbaýjanly, gazagystanly, alžirli, marokkoly, kamerunly hem-de türkiýeli türgenler bilen ýiti göreş alyp bardy. Finalda türkiýeli gyz bilen ýüzbe-ýüz bolan Gülzada oýunlaryň kümüş medalyna eýe boldy.