
Boks
Boks gadymy taryhy bolan bir sportdur. Ol B.E.Ö 7-nji asyrda gadymy Olimpiýa oýunlaryna girizildi..
Boks gadymy taryhy bolan bir sportdur. Ol B.E.Ö 7-nji asyrda gadymy Olimpiýa oýunlaryna girizildi..
Ilkinji döwür
Boksuň gözbaşlary gadymy Mısıra, takmynan B.E.Ö 3000-nji ýyla çenli uzap gidýär. Hut şol ýerde bu söweş sungatynyň ilkinji yzlary ýüze çykypdyr. Soňra, B.E.Ö 7-nji asyryň ahyrynda, greklar boksy gadymy Olimpiýa oýunlaryna girizdiler. Şol döwürde boksçylar ellerini we tirseklerine çenli bolan gol böleklerini goramak üçin ýumşak deri baglar bilen sarýardylar.
Rim döwründäki üýtgeşmeler
Rimde boks has gazaply we howply görnüşe öwrüldi. Ýumşak deri baglaryň ornuna metal tikenler bilen bezelen kest ulanylyp başlandy. Bu täzelik öňegidişlik ýaly görünsede, söweşleriň has-da rehimsiz we ganly geçmegine sebäp boldy. Hakykatdanam, şol döwürde geçirilen boks göreşleri köplenç biri gladiatoryň ölüm bilen gutarmagy bilen tamamlanýardy.
Ady:
Türkmenistanyň Milli boks federasiýasy
E-poçta:
minsporttkm@gmail.com
Başlygy:
Batyr Aşyrow