BEÝ-BEÝ, JIN-JIN, HUAN-HUAN, ÝIN-ÝIN, NI-NI
ATLANDYRMA
Her bir atlandyrma gaýtalanýan birmeňzeş bogun bilen kapyýalaşýar: çagalar bolan gatnaşygy görkezýän däp bolan hytaý usuly. Bäş atlandyrmany birleşdirmek bilen “Pekin sizi hoş gördi” (Bei Jing Huan Ýing Nin) diýen sözlem emele gelýär. Tumar “Fuwany” döredýär, terjimede bu “şowlulygyň çagalary” diýmekligi aňladýar.
BEÝANY
Tumarlar bäş tebigy hadysa degişli, Huan-Huan- dan başga dördüsi Hytaýda meşhur bolan haýwanlar bolup çykyş edýär. Her bir tumar bäş Olimpiki ýüzükleriň her biriniň reňkini görkezýär. Şeýle hem, her birisiniň arzuwy bar, sebäbi bu Gadymy Hytaý medeniýetiniň arzuwlary belgileriň we nyşanlaryň üsti bilen beýan etmek däbi bolup durýar.
Beý-Beý balygy – bu suwuň düzüm birliklerini aňladýar. Ol gök reňkde we ösüşi aňladýar.
Onuň kellesindäki tolkun gadymy Hytaý suratçylygynyň bezegine esaslanýar.
Szin-Szin pandasy tokaýy aňladýar. Ol gara reňkde we onuň islegi bolup bagt çykyş edýär. Song tiresiniň ( b.e. 960-1279) farfor suratlary onuň kellesindäki lotos gülüniň reňkine ylham boldy.
In-In, tibet antilopasy ýeri aňladýar. Ol sary reňkde we onuň islegi – gowy saglyk. Onuň kellesinde Günbatar Hytaýyň bezeg birlikleri emele gelýär.
Ni-Ni, garlawaç, asmany aňladýar. Ol ýaşyl reňkde we onuň islegi bolup şowluluk çykyş edýär. onuň bezegine ylhamy döreden Hytaý howa ýylanlary boldy. Garlawaçlar hytaý dilinde
“Ýan” diýip aýdylýar, Pekiniň gadymy ady bolsa – “Ýanszin”.
Huan-Huan – oduň çagasy. Onuň reňki gyzyl we ol diňe bir sporta bolan höwesi däl, eýsem Olimpiki alawy we ruhy alamatlandyrýar. Dunhuanyň gowak sungaty onuň kellesinde bezegleri döretmäge şeýle-de şowlulugyň takyk däp nusgalaryny döretmäge itergi berdi.
DÖREDIJI
Han Meýlin
SIZ BILÝÄDIŇIZMI?
- Guramaçylyk Komiteti dünýäniň ähli künjeklerindäki şekillendiriş bezegçilere we gulluklara Oýunlaryň tumary üçin öz tekliplerini ugratmagy teklip etdiler we şeýlelik bilen 3000-den gowrak teklipleri özüne çekdiler.
- “Fuwanyň Olimpiki başdan geçirmeleri” atly multfilmiň 100 epizodlaryndan tapgyr ähli Hytaý boýunça 100-den gowrak telewizion kanallarynda, Pekinda jemgyýetçilik transport ulgamynda we Hytaýyň demir ýol jemgyýetçilik torlarynda görkezildi.