Türkmenistan küşt toparlary Budapeştde üstünlik gazandylar
818
Budapeşt şäherinde geçirilen 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda Türkmenistanyň erkekler we aýallar milli ýygyndy toparlary öz kategoriýalarynda üstünlik gazandy. Ýaryşda erkekler “B” kategoriýasynda 15 utuk toplap, ýokary netije görkezdi. Gyzlar bolsa “C” kategoriýasynda 14 utuk gazanmagy başardylar.
Umumy netijelere ser salnanda, Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy 188 gatnaşyjy toparyň arasynda 24-nji ýeri, Gyzlar ýygyndysy bolsa 169 toparyň arasynda 32-nji ýeri eýeledi. Bu üstünlikler, küşt boýunça türkmen türgenleriniň Bütindünýä küşt olimpiadalaryndaky taryhynda iň ýokary netijeleriň biridir.
Türkmenistanyň adyndan çykyş eden erkekler ýygyndysynda halkara ussady Saparmyrat Atabaýew (1-nji tagta), tejribeli halkara grossmeýster Meýlis Annaberdyýew (2-nji tagta), Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan Amanmuhammet Hommadow (3-nji tagta), Allaýar Şirliýew (4-nji tagta) we Wepaly Hylniýazow (5-nji ätiýaçlyk tagta) bäsleşdiler. Gyzlar toparynda bolsa 18 ýaşly Läle Şöhradowa (1-nji tagta), öňki Olimpiada gatnaşyjysy Merýem Agajanowa (2-nji tagta), Leýla Şöhradowa (3-nji tagta), Jahan Rejepowa (4-nji tagta) we Eneş Arazmedowa (5-nji ätiýaçlyk tagta) çykyş etdiler.
Bu ýeňişler türkmen küştiniň ösüşiniň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň toparlary diňe bir öz kategoriýalarynda däl, eýsem küşt oýnunda halkara derejesinde möhüm netije gazandylar.