Türkmen taryhynda sport göreşi boýunça ilkinji altyn medal
730
Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça U-20 Dünýä Çempionatynda ilkinji gezek çempion bolup, taryha girdi. Bu ajaýyp üstünlik Ispaniýanyň Pontewedra şäherinde geçirilen ýaryşda gazanyldy.
Begenjow bütin möwsümde ajaýyp çykyşlary bilen tapawutlandy. Ýylyň başynda, ol Türkiýäniň Antalya şäherinde geçirilen Halkara ýaryşynda bürünç medaly gazandy, soňra Iordaniýanyň Amman şäherinde geçirilen U-23 Aziýa Çempionatynda ýene-de bir bürünç medala eýe boldy. Iýul aýynda bolsa, Taýland Patyşalygynyň Si Raça şäherinde geçirilen 20 ýaşdan aşakdaky türgenler üçin Aziýa Çempionatynda altyn medaly gazandy. Indi bolsa, U-20 Dünýä Çempionatynda altyn medal gazanyp, iň uly üstünligine ýetdi.
79 kg agram derejede bäsleşýän Alp Arslan bu ýaryşda 28 türgeniň arasynda agdyklyk edip, her tapgyrda ýeňiş gazandy. Deslapky tapgyrda, ol Eýranly türgeni Mahdi Yousefihajivary 10-0 hasabynda ýeňdi, soňra 1/8 finalda Ukrainanyň wekili Oleksandr Mamroşy 10-0 ýeňdi. Çärýek finalda bolsa, Belarusiýaly Dmitry Lukashçuky 10-0 ýeňip, ýarym finalda Hindistanyň wekili Amit Amity 11-0 ýeňdi. Finalda bolsa, amerikan türgeni Zachary D. Ryderi 5-0 hasabynda ýeňip, altyn medaly gazandy.
Bu agram derejede bürünç medallar Mahdi Yousefihajivara (Eýran) we Leandro Araujoa(Braziliýa) gowşuryldy.