Türkmen Olimpiýa wekileýeti Pariže resmi ugradyldy
2024-07-23 07:58:58
1399
![](/storage/images/materials/articles/images/73b02cf715100cd4ff2745128ee9a403/fd0b622eb71ba5307d41447e0ae59978.webp)
Şu gün — 2024-nji ýylyň 23-nji iýulynda milli ýygyndy toparymyzyň agzalary Aşgabadyň Halkara howa menzilinden XXXIII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Pariž şäherine ugradyldy. XXXIII Tomusky Olimpiýa oýunlary 26-njy iýul — 11-nji awgust aralygynda geçiriler.
Türgenlerimize öňde boljak Tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň baýdagyny has-da belende götermegi arzuw etmek bilen, olaryň bu iri halkara ýaryşda ýokary netijeleri gazanjakdyklaryna, dünýäniň sport giňişliginde Watanymyzyň abraýynyň has-da ýokarlanmagyna uly goşant goşjakdyklaryna ynam bildirýäris.