00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

2024 Söweş Sungaty boýunça Fotosurat Bäsleşigi

2024-07-02 06:51:15

1488

ÝUNESKO-nyň garamagyndaky ýaşlary ösdürmek we çekmek üçin Halkara söweş sungaty merkezi (ICM) söweş sungatynyň gymmatlyklary hakynda gyzyklanmalary we habardarlygy ýokarlandyrmak üçin 2024ýylyň söweş sungatynyň fotosurat bäsleşigini geçirýär.

2024-nji ýylyň iýun aýy

Baş sekretar, Halkara söweş sungaty merkezi

1.       BEÝANY

• Arza bermegiň möhleti: 2024-nji ýylyň 30-njy maýy 14:00-dan 2024-nji ýylyň 22-nji iýuly 24:00 çenli (KST)

Gatnaşmak üçin hukugy : ýaşyna, milletine we ş.m. garamazdan dünýäniň dürli künjeginden islendik adam.

• Temasy: “Dünýäni gurşap alýan söweş sungaty”.

-        Ýer ýüzünde hemmele tarapyndan paýlaşylyp bilinýän öz içine alyjylyk, adalatlylyk, çydamlylyk, sport ussatlygy we ş.m. ýaly söweş sungatynyň ähliumumy gymmatlyklary.

-        Fiziki işjeňlik wagtynda ýa-da gündelik durmuşda şekile geçirilen söweş sungatynyň gymmatlyklary

2.       GÖRKEZME

•        Ibermek boýunça görkezme

-        Diňe sanly enjamlaryň kömegi bilen düşürilen foto suratlar kabul edilýär (çap edilen suratlar kabul edilmeýär).

-        Iberilende asyl suratyňyzyň göçürmesini iberiň; her bir surat JP(E)G ýa-da PNG formatynda ýatda saklanmalydyr.

※ Asyl faýllar talap boýunça tabşyrylmalydyr. Asyl faýlyň uzyn gyrasy 5000 pikselden geçmeli. Asyl faýl talap boýunça tabşyrylmadyk ýagdaýynda, ol baha berlende hasap edilmez.

- Siz üç sany surata çenli iberip bilersiňiz (bir adam üçin diňe iň ýokary bahaly surat berler)

•        Nädip tabşyrmaly: Fotosuratlaryňyzy bäsleşigiň web sahypasyna iberiň.

•        Giriş tölegi : ýok

•        Girizilmeli maglumatlar: siz işiňiz hakynda maglumatlary (ady, beýany, surata düşürilen ýeri, surata düşürilen senesi) we şahsy maglumatlaryňyzy (ady, doglan senesi, elektron poçtasynyň salgysy, telefon belgisi, raýatlygy) arza bermegiň web sahypasyna ýüklemeli.

 3.       SAÝLAWLARWE BAÝRAKLAR

•        Kriteriýalar : 1) Bäsleşigiň temasyna laýyk gelmegi, 2) Täsirliligi,3) Işiň beýany, 4) Özboluşlylygy, 5) Hili

•        Eminler: fotosurat bilermenleri we suratkeşler

•        Bildiriş senesi: 2024-nji ýylyň 30-njy awgusty 16:00 (KST)

•        Baýraklar: Hormat haty (fiziki gowşuryş) we baýrak pullary (bank geçirmesi)

Baýrak Ýerler        Baýrak pullary
Baş baýrak 1 5,000,000 KRW
Altyn 2 3000,000 KRW (hersi)
Kümüş 3 1,500,000 KRW (hersi)
Bürünç 5 700,000 KRW (hersi)
Örän gowy ýerine ýetirilen iş 20 300,000 KRW (hersi)
Jemi 31 25,000,000 KRW

 ※  Baýrak pulunyň bahasy dolanşyk hümmetiniň üýtgemegine baglylykda tapawutlanyp biler, siziň ýurisdiksiýaňyzda girdeji salgydy ulanylyp bilner.

4.       HABAR BERMEK

<Aýyrmak we yza çekmek bilen baglanyşykly meseleler>

Käbir ýagdaýlarda käbir tabşyrylan işleriň göz öňünde tutulyp bilinmejekdigini we ýalňyşlyk bilen berlen halatynda baýragyň ýatyrylyp, kanuny çäreleriň görülip bilinjekdigini ýadyňyzdan çykarmaň. Bu ýagdaýlara şular girýär:

•        Arza beriji ýa-da arza berijiniň fotosuratlary barada maglumatlary aýrylýar, düşnüksiz ýa-da hakykatdan tapawutlanýar.

•        Aşakdaky ýagdaýlaryň haýsydyr birine gabat gelýän fotosuratlar:

-        Bäsleşigiň temasyndan daşlaşýan ýa-da talaplara laýyk gelmeýän fotosuratlar

-        Asyl nusgasyndan tapawutlanmagy üçin üýtgedilen ýa-da ýasalan fotosuratlar

-        Gol, möhür ýa-da başga bir kesgitleýji belligi öz içine alýan fotosuratlar

-        Baýrak alan fotosuratlar ýa-da baýrak alan fotosuratlara meňzeş fotosuratlar

-        Beýleki fotosuratlary göçürýän fotosuratlar

-        Başga şahslara degişli fotosuratlar

-        Awtorlyk hukugy bilen baglanşykly meseleleri bolan fotosuratlar

-        Üçünji şahsyň hukuklaryny bozýan fotosuratlar, mysal üçin portret hukuklary we ş.m.

-        Üçünji tarap tarapyndan düşürilen, tabşyrylan ýa-da başga biri tarapyndan soralan fotosuratlar

•        Asyl fotosurat tabşyrylmadyk bolsa ýa-da asyl fotosuraty ozal berlen fotosuratdan tapawutly bolsa

•        Arza beriji ICM tarapyndantalap edilýän resminamalary tabşyrmadyk ýagdaýynda.

<Awtorlyk hukugy, portret hukuklary we ş.m. bilen baglanyşykly meseleler>

Iberilen fotosuratlar awtorlyk hukugy, ulanmak üçin hukuklary, portret hukuklary (şol sanda ÝUNESKO-nyň Halkara söweş sungaty merkezi tarapyndan baýrakly fotosuratyň ulanylmagy bilen) we ş.m. bilen goralan bolmaly däl. Haýsydyr bir mesele ýüze çykan halatynda, arza beriji hukuk meselelerini çözmek üçin doly jogapkärçilik çekýär, baýraklar we onuň bilen baglanşykly ähli zatlaryzyna çekilmelidir.

•        Baýrakly fotosuratlar ÝUNESKO-nyňHalkara söweş sungaty merkezi tarapyndan mahabatlandyrmak üçin (mysal üçin kataloglary, çakylyklary döretmek, web sahypasynda we sosial torlarda ýerleşdirmek), şeýle hem  Merkeziň işiniň maksatlary üçin (mysal üçin onlaýn we offlaýn sergiler) täjirçilige dahylsyz ulanyş üçin rugsat berlendiýip hasaplanar. Bu ýagdaýda fotosuratlar zerur bolan ýagdaýynda redaktirlenip ýa-da üýtgedilip bilner

•        Baýrakly işler saýlanylanda nsoň, ýeňijiler guramaçynyň talaby boýunça awtorlyk hukugy hakynda ygtyýarnama ylalaşygyny bermeli.

•        Degişli ýurtda surata düşürmek üçin tassyklama we rugsatnama talap edilýän bolsa, degişli resminamalar hem berilmelidir.

•        Gatnaşyjylar bäsleşigiň awtorlyk hukugybilen baglanyşykly garşylyklary e-poçta (unescoicm@unescoicm.org) arkaly ÝUNESKO-nyň Halkara söweş sungaty merkezine iberip bilerler.

•        Täjirçilige dahylsyz maksatlardan daşary ulanyş üçin suratçy bilen aýratyn şertnamalar baglaşylar.

•        Geljekde awtorlyk hukugy bilen baglanyşykly jedeller ýüze çykan halatynda, bu mesele Koreýanyň Awtorlyk hukugy boýunça komissiýasy bilen arbitraža ýüz tutmak arkaly çözülip bilner we iki tarap hem asuda we oňyn çözgüt tapmak üçin ak ýürekden işlär.

•       Berlen işleriň arasyndan saýlanmadyk işler, bäsleşik tamamlanandan soň üç aýyň dowamynda aýrylar.

<Beýleki meseleler>

• Iberilen fotosuratlar garaşylýan standartlara ýetip bilmedik ýagdaýynda,ýeňiji bolan işleriň käbiri ýa-da ählisi saýlanman biliner

• Halkara söweş sungaty merkezi saýlama prosesi bilen baglanyşykly maglumatlary açmaga ýa-da ara alyp maslahatlaşmaga ýa-da eminiň kararynyň sebäplerini düşündirmäge borçly bolmaz

• Ýokarda görkezilmedik beýleki meseleler fotosurat bäsleşiginiň guramaçysy (ICM) tarapyndan kesgitlener.

Bu bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisi ýokarda beýan edilenleriň ählisi bilen razylaşan hasaplanýar.

Habarlaşmak üçin: Soraglar we jogaplar bäsleşigiň web sahypasynda ýerleşdirilen.