00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

Türkmen medal gaznasyna ýene 10 medal goşuldy

2023-10-18 05:06:55

495

2023-nji ýylyň 12-15-nji oktýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Hujand şäherinde 18-20 ýaşdaky (2003-2005ý.d.) ýetginjekleriň arasynda “Guşakly göreşi” we Täjigistan Respublikasynyň milli göreşi bolan “Kamarbandi”göreşi boýunça Dünýä çempionatyna 13 türgen, 2 emin, 1 tälimçi we 1 topar ýolbaşçydan ybarat bolan Türkmenistanyň guşakly göreş boýunça ýygyndy topary gatnaşdy. Bu Dünýä Çempionatyna 15 döwletden 250-ä golaý türgenler gatnaşdylar.

Guşaky göreş boýunça Dünýä Çempionatynda milli  ýygyndy toparymyz 3 altyn, 2 kümüş we 5 bürünç, jemi 10 medaly gazanmagy başardylar. Olardan Mekan Nurberdiýew 62 kg agram derejede, Annagurban Allaberdiýew 100 kg agram derejede, Baýramguly Muhammetgulyýew 90 kg agram derejede çykyş edip I orna we altyn medala mynasyp boldylar. Jumamyrat Gumalakow 68 kg agram derejede, Gurbanýaz Allamyradow +100kg agram derejede Çempionatyň ýeňijileriniň münberinde ikinji orny eýelediler. Şeýle hem, Kerwen Baýramow 82 kg agram derejede, Zehin Meredalyýew 57 kg agram derejede, Sylap Baýrammämmedow 62 kg agram derejede, Guwanç Hemraýew 75 kg agram derejede, Baýramguly Muhammetgulyýew 90 kg agram derejede we Annagurban Allaberdiýew 100 kg agram derejede çykyş edip III orna we bürünç medala eýe boldylar.