00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

Gaýgysyz Töräýew Dünýä çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi.

2023-09-13 04:34:49

719

2023-njiýylyň 4-17-nji sentýabry aralygynda Saud Arabystan Patyşalygynyň Er-Riýadd şäherinde Agyr atletika boýunça 88-nji Dünýä çempionaty geçirilýär.Bu çempionat 2024-nji ýylda Pariž şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryşhökmünde yglan edildi.

Dünýä çempionat Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýygyndy toparynyňtürgeni Gaýgysyz Toraýew üçin örän üstünlikli boldy, ol 81 kg çenli agram derejesindeçykyş edip, itekläp “clean &jerk” dissiplinasynda 193 kilogram göterip bürünç medaly gazandy. Şeýle-de, silterläp götermek dissiplinasynda 150 kg we iki görnüşiň netijeleri boýunça 343 kg agramy bilen jemi   6-njy ýeri eýeledi. Mundan başga-da, 2023-nji ýylyň iýun aýynda Gawanada geçirilen Olimpiýasaýlama ýaryşynyň netijesine garanyňda, Gaýgysyz Toraýewiň şu wagtky üstünligi, öz şahsyrekordynyň üstüne 24 kg goşmagy başardy.