00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

Halkara olimpiýa komitetiniň wekilleri bilen duşuşyk

2022-06-11 09:37:05

288

10-njy iýunda Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň we Halkara Olimpiýa Komitetiniň wekilleri Lozanna şäherinde duşuşdy.

Türkmen tarapyna NOK-nyň baş sekretary Ata Akmamedow wekilçilik etdi. Halkara olimpiýa komitetine, Olimpiýa raýdaşlyk bölüminiň orunbasary Edward Kensington, şeýle hem milli olimpiýa komitetleri bilen özara gatnaşyklar bölüminiň wekilleri wekilçilik etdi.

Taraplar sporty ösdürmekde we Türkmenistanda Olimpiýa hereketinde mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegi, şeýle hem türkmen türgenleriniň halkara derejesinde taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdylar.