00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

Aziýa Çempionatynyň altyn medaly

2023-06-14 09:08:42

720

Türkmenistanyň Milli ýygyndy toparynyň türgeni Zyýamuhammet Saparow Gyrgyzystan Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen 23 ýaşa çenli Aziýa çempionatynda 125 kilogram agram derejesinde çykyş edip, çärýek finalda mongoliýaly Munhbaýar Sogtbaýarydan üstün çykdy. Ýarym finalda kambojaly türgen Bali Souwy bilen çekeleşikli duşuşyk geçirip, ýeňiş türkmen türgenimiziň tarapynda boldy.

Altyn medal ugrundaky göreş bolsa, türkmen türgenimiz Zyýamuhammet Saparow bilen gazagystanly Abylaý Sowediň arasynda geçdi. Türkmen türgeni ýokary derejedäki taýýarlygyny görkezip, gazagystantly türgenden üstün çykdy we altyn medalyň eýesi boldy.